2018 FIFA Dünýä kubogynyň çäginde düýn 4 duşuşyk geçirildi

2018 FIFA Dünýä kubogynyň çäginde düýn 4 duşuşyk geçirildi

2018 FIFA Dünýä kubogynyň çäginde düýn 4 duşuşyk geçirildi

Ilkinji duşuşykda Fransiýanyň ýygyndysy Awstraliýanyň ýygyndysy bilen bäsleşdi. Duşuşyk Fransiýanyň peýdasyna 2-1 hasabynda tamam boldy.

Ikinji duşuşyk Argentinanyň we Islandiýanyň ýygyndylarynyň arasynda geçdi. Argentinanyň we Islandiýanyň arasynda geçen duşuşyk 1-1 hasabynda deňme-deň tamamlandy.

Üçünji duşuşyk Peru bilen Daniýanyň milli futbol ýygyndylarynyň arasynda geçdi. Bu duşuşykda Daniýanyň ýygyndysy Perudan 1-0 hasabynda üstün çykdy. 

Dördünji duşuşyk bolsa Horwatiýanyň we Nigeriýanyň ýygyndylarynyň arasynda geçirildi. Russiýanyň Kaliningrad şäherinde geçen duşuşykda Horwatiýanyň ýygyndysy has taýarlykly gelendigini görkezdi. Duşuşyk Horwatiýanyň peýdasyna 2-0 hasabynda tamam boldy. 


Etiketkalar: Russiýa , Kaliningrad , ýygyndy , futbol

Degişli Habarlar