Fransiýa 2-1 Awstraliýa

Fransiýanyň milli futbol ýygyndysy Awstraliýanyň ýygyndysyny 2-1 hasabynda ýeňdi

Fransiýa 2-1 Awstraliýa

2018 Dünýä kubogynyň güýçli milli ýygyndylarynyň biri hökmünde hasaplanýan Fransiýanyň milli futbol ýygyndysy Awstraliýanyň ýygyndysyndan 2-1 hasabynda üstün çykyp, çempionaty 3 bal bilen başlady. 

Russiýada geçirilen 2018 Dünýä kubogynyň 3-nji gününiň ilkinji duşuşygynda Fransiýanyň ýygyndysy Awstraliýany 2-1 hasabynda ýeňdi.

Kazan Arena stadionynda geçirilen we duşuşygyň ilkinji ýarysy deňme-deň tamamlanan duşuşygyň 2-nji ýarymynda ilkinji goly Griezmann penalty arkaly geçirdi.

Ilkinji goldan 4 minut soň Awstraliýanyň ýygyndysynyň futbolçysy Mile Jedinak penalti bilen garşydaş ýygyndynyň derwezesine pökgüni geçirdi.

81-nji minutda bolsa Fransiýanyň ýygyndysyndan Pogba Awstraliýa gol geçirdi. 

Şeýlelik bilen hasap Fransiýanyň ýygyndysynyň peýdasyna 2-1 bolup tamamlandy. 


Etiketkalar: ýygyndy , Awstraliýa , Fransiýa

Degişli Habarlar