FIFA dünýä kubogy Moskwada dabaraly ýagdaýda açyldy

2018 FIFA dünýä kubogyna 32 komanda gatnaşar we komandalaryň arasynda jemi 64 bäsleşik geçirler

FIFA dünýä kubogy Moskwada dabaraly ýagdaýda açyldy

 

Futbolyň halkara derejesinde iň uly guramaçylyklaryndan biri bolan FIFA dünýä kubogy Russiýanyň paýtagty Moskwada dabaraly ýagdaýda açyldy.

Luzhniki stadionynda geçirlen açylyş dabarasynda meşhur iňlis aýdymçy Robbie Williams bilen rus operaçysy Aida Garifullina konsert programmasy bilen çykyş etdi.

Dünýä kubogynyň açylyş dabarasyna Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen FIFA-nyň başlygy Gianni Infantiony hem çykyş etdi.

2018 FIFA dünýä kubogyna 32 komanda gatnaşar we komandalaryň arasynda jemi 64 bäsleşik geçirler.

2018 FIFA dünýä kubogy 15-nji iýula çenli dowam eder.

 


Etiketkalar: komanda , Russiýa , kubok , FIFA

Degişli Habarlar