Ramil Guliýew 200 metre ylgamakda birinji boldy

Milli türgen Guliýew 200 metr kategoriýasynda 19.90-lyk derejesi bilen bäsleşigi birinji ýerde tamamlady

Ramil Guliýew 200 metre ylgamakda birinji boldy

Atlekitada 14 etapdan ybarat Almaz ligasynyň möwsümdäki 5-nji bäsleşiginde 200 metre ylgamakda bäsleşen Ramil Guliýew birinji boldy.

Norwegiýanyň paýtagty Osloda geçirlen guramaçylykda milli türgenlerden Londonda geçirlen Bütin dünýä çempionadynda altyn medal alan Ramil Guliýew bilen 1 gezek Ýewropa çempiony, dünýä ikinjisi we olimpiada üçünjisi bolan Ýasmany Kopello bäsleşdi.

Milli türgen Guliýew 200 metr kategoriýasynda 19.90-lyk derejesi bilen bäsleşigi birinji ýerde tamamlady.

400 metr bökdençli kategoriýasynda bäsleşen Kopello bolsa 48,54-lik derejesi bilen bäsleşikde üçünji orny eýeledi.

 



Degişli Habarlar