Uzak ýaşamak üçin çalt ýöremek peýdaly

Britaniýadaky "Sport lukmançylygy" žurnalynda çap edilen ylmy-derňewde uzak ýaşamak bilen çalt ýöremegiň arasynda arabaglanşygyň bardygy ýüze çykaryldy

Uzak ýaşamak üçin çalt ýöremek peýdaly

Iňlis we awstraliýaly alymlar çalt ýöreýän adamlaryň arasynda ýürek keselleri bilen keselleýän adamlaryň azdygyny habar berdiler. 

Çalt ýöreýän 60 ýaşdan uly bolan adamlaryň ýürek keselleri bilen keselleýan adamlaryň azdygyny we ölüm howpynyň 53 göterim azalýandygy görüldi. 

Alymlar sagatda 5 bilen 7 km tizligiň ýeterlikdigini habar berdiler. 

Maksadyň ýüregiň uruşyny çaltlandyrmakdygyny aýdýan lukmanlar bolsa ýeňil ýagdaýda derlenjek derejede ýöremegi maslahat berýärler. 

Iňlis alymlar her gün azyndan 30 minut sport bilen meşgullanmak we gowy iýmitlenmek bilen adamyň ömrüni 10 ýyl uzadyp boljakdygyny belleýärler. 

 


Etiketkalar: alymlar , iňlis , ýöremek

Degişli Habarlar