Zinedin Zidan Katar bilen ylalaşandygy öňe sürüldi

Katarda geçiriljek 2022 Bütindünýä Futbol çempionatynda Kataryň milli futbol ýygyndysynyň başyna Zinedin Zidanyň geçjekdigi mälim edildi

Zinedin Zidan Katar bilen ylalaşandygy öňe sürüldi

Kataryň Futbol federasiýasy Zinedin Zidana 2022 Bütindünýä Futbol çempionatynda milli ýygyndynyň başyna geçmegi üçin 4 ýyllygyna 200 million ýewro teklip edendigi habar berildi. 

Zinedin Zidan tarapy bu teklipden soň sesini çykarmagyny dowam etdirýän hem bolsa Ispaniýanyň AS gazedi fransuz tälimçiniň bu teklibi kabul edendigini öňe sürdi. 

Ady agzalan teklip kabul edilse 2,5 ýyl bäri ýokary ligada baş tälimçi bolan Zinedin Zidan dünýäniň iň köp gazanýan tälimçisi bolar. 

Zinedin Zidan yzly-yzyna 3 gezek Çempionlar ligasynyň çempiony bolan Real Madritden duýdansyz ýagdaýda aýryldy. 

 


Etiketkalar: ýygyndy , Katar , futbol , Zinedin Zidan

Degişli Habarlar