TRT häzirki wagta çenli halkara derejesinde 100-den gowrak baýrak aldy

“Asuda Ölüm” atly dokumental film Italiýada “Iň başarjaň ylmy-barlag” ugry boýunça baýraga laýyk görüldi

TRT häzirki wagta çenli halkara derejesinde 100-den gowrak baýrak aldy
TRT häzirki wagta çenli halkara derejesinde 100-den gowrak baýrak aldy
TRT häzirki wagta çenli halkara derejesinde 100-den gowrak baýrak aldy

TRT häzirki wagta çenli halkara derejesinde 100-den gowrak baýrak aldy

Muhsine Ennaiminiň režisýorlygynda alynan “Asuda Ölüm” atly dokumental film Italiýada “Iň başarjaň ylmy-barlag” ugry boýunça baýraga laýyk görüldi.

Dokumental filmde Liwanda ýaşaýan siriýaly bosgunlaryň pajygaly durmuşlary gürrüň berilýär.

Siriýaly bosgunlar Abu-Ahmed we Abdallah maşgala agzalarynyň garnyny doýurmak üçin soňky çäre hökmünde 25 müň dollara böbreklerini satandyklaryny, emma pullaryny alyp bilmändiklerini gürrüň berýär.

"BIRI MAŇA KÖMEK EDIP BİLJEKDIGINI AÝTDY.

MAŇA BÖBREĞİMİ SATMAGY TEKLİP ETDİLER. OÝUNDYR ÖÝTDÜM, EMMA DÄL EKENİ, MENEM KABUL ETDİM.

8 MÜŇ DOLLARA KABUL ETDİM. MÜŇ DOLLAR AWANS BERIP, MENI HASSAHANA ÝATYRDYLAR.”

Siriýaly bosgunlar iç organlaryny satandan soň elhenç hassalyklara duçar bolandyklaryny beýan edýär.

Dokumental filmde şol bikanun işlere şaýatlyk eden asisent hirurgyň iniňi tikeneklediji interwýusy hem berilýär.

TRT-niň baş Müdiri Ibrahim Eren, guramanyň sessizleriň sesini öwrülip, tagallalaryny dowam etdirýändiklerini nygtap, dokumental filmi surata alanlary gutlady.

"ADAMYŇ IÇERKI ORGANLARYNYŇ SÖWDASYNY LIWANDA ŞAÝATLARY BILEN BILELIKDE ELE ALYP, DÜNÝÄNIŇ ÜNSÜNI ŞOL ELHENÇ SÖWDA ÇEKEN “ASUDA ÖLÜM” ATLY DOKUMENTAL FILMIMIZI SYLAGLANDYGY WE SIRIÝALYLARYŇ YZY ÜZÜLMEÝÄN GAM-GUSSALARYNY GÜN TERTİBİNE GETIRENDIKLERI ÜÇİN EMIN AGZALARA SAGBOLSUN AÝDÝARYN.”

TRT häzirki wagta çenli halkara derejesinde 100-den gowrak baýrak aldy.

TRT-niň şärik prodýuserliginde 2015-nji ýylda düşürilen “Galandar Sowugy” atly film 13 sany halkara festiwalda 20 baýrak alyp, uly rekord goýupdy.

“Suwda balyk”, “Muna”, “Ähli bagtyýarlyklar mümkin”, “Bugdaý”, “Gara Garga”, “Gök Welosiped” ýaly filmler hem halkara baýraklara laýyk boldular.

TRT tarapyndan goldanan Nuri Bilge Jeýlanyň “ Ahlat Agajy” atly filminin hem köp sanly baýraga laşýyk görülmegine garaşylýar.


Etiketkalar: baýrak , dokumental film , halkara , TRT

Degişli Habarlar