“Şa gyzy” hamamy Dünýäniň medeni mirasynyň wagtlaýyn sanawyna alyndy

Şypaly ýyly suwy we taryhy gurluşy bilen ünsleri özüne çekýän hamam, mundan beýläk Türkiýede hem-de dünýäde tanymal eserleriň hatarynda ýer alar

“Şa gyzy” hamamy Dünýäniň medeni mirasynyň wagtlaýyn sanawyna alyndy

 

Ýozgat şäherinde ýerleşýän we “Şa gyzy” ady bilen tanalýan rim hamamynyň BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet guramasy ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni myrasynyň wagtlaýyn sanawyna alynmagy baradaky işler oňyn netije berdi.

Sarykaýa etrabynda ýerleşýän we ünsleri özüne çekýän taryhy bina ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni myrasynyň wagtlaýyn sanawyna alyndy.

Şypaly ýyly suwy we taryhy gurluşy bilen ünsleri özüne çekýän hamam, mundan beýläk Türkiýede hem-de dünýäde tanymal eserleriň hatarynda ýer alar.

Dünýäde Rim döwründen galan Basilika Therma rim hamamyna meňzeş diňe bir hamam bar we ol ýerde Britaniýada ýerleşýär.

 



Degişli Habarlar