Erdogan Britaniýanyň Premýer ligasynda oýnaýan türk futbolçylary kabul etdi

Erdogan resmi sapar bilen giden Britaniýanyň paýtagty Londonda duşuşyklar geçirdi

Erdogan Britaniýanyň Premýer ligasynda oýnaýan türk futbolçylary kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Britaniýanyň Premýer ligasynda oýnaýan türk futbolçylar Jenk Tosuny, Mesut Özili we Ilkaý Gündogany kabul etdi.

Erdogan resmi sapar bilen giden Britaniýanyň paýtagty Londonda duşuşyklar geçirdi.

Londondaky myhmanhanalaryň birinde türk futbolçylar bilen metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşykda Tosun, Özil we Gündogan Prezident Erdogana gollary çekilen formalaryny sowgat etdiler.

Ilkaýyň we Mesutyň Germaniýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şu ýylyň tomusynda Russiýada geçiriljek Dünýä çempionatynda oýnamagyna garaşylýar.

Futbol kärini Britaniýada dowam etdirýän Ilkaý Gündogan Mançester Siti komandasynda, Jenk Tosun Ewerton komandasynda, Mesut Özil bolsa Arsenal komandasynda oýnaýar.



Degişli Habarlar