Kappadokiýa gelen syýasatçylaryň sany 93 göterim artdy

Kappadokiýa syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär

Kappadokiýa gelen syýasatçylaryň sany 93 göterim artdy

 

Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Kappadokiýa gelen syýasatçylaryň sany üstümizdäki ýylyň 4 aýlyk döwründe geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 93 göterim artdy.

Peribajalary, gaýa öýleri, jülgeleri, ýer asty ýaşaýyş ýerleri, gaýa manastyrlary we şar gezelençleri bilen ýakyndan tanalýan Kappadokiýa syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Kappadokiýa tebigy gurluşyny, taryhy we medeni ýerlerini görmek üçin üstümizdäki ýylyň ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde 705 müň 149 syýahatçy geldi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň görkezijilerine görä, Kappadokiýa 2016-njy ýylyň ilkinji 4 aýlyk döwründe 331 müň 819 adam geldi.

Şol sany 2017-nji ýylda bolsa 365 müň 275 adama ýetdi.

Üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýlyk döwründe Kappadokiýa gelen syýahatçylaryň sany 2016-njy ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 112,5 geçen ýyl bilen deňeşdirilende bolsa 93 göterim artdy.

 



Degişli Habarlar