Bosniýa-Gersogowinada türk seriallary türk diline bolan gyzyklanmanyň artmagyna sebäp boldy

Bosniýa-Gersogowinada dürli kanallarda 20-den gowrak türk serialy ýaýlyma berilýär

Bosniýa-Gersogowinada türk seriallary türk diline bolan gyzyklanmanyň artmagyna sebäp boldy

Bosniýa-Gersogowinada 10 ýyl ozal ýaýlyma berilmäge başlan türk seriallary türk diline bolan gyzyklanmanyň artmagyna sebäp boldy.

Bosniýa-Gersogowinada dürli kanallarda 20-den gowrak türk serialy ýaýlyma berilýär.

Türk seriallarynyň ýaýlyma berilmegi ýaşlary türk dilini öwrenmäge höweslendirýär.

Munyň esasy görkezijilerinden biri hem Saraýewo uniwersitetiniň türk dili we edebiýaty bölümine bolan gyzyklanmanyň artmagydyr.

Beýleki tarapdan Ýunus Emre institutynyň kurslaryna bolan gyzyklanma hem gün saýyn artýar.

Şol kurslarda 2009-njy ýyldan bäri 4618 adam türk dilini öwrendi.

Mekdeplerde türk dilini öwrenýän okuwçylaryň sany hem 8 müňden geçdi.

 



Degişli Habarlar