Müňlerçe ýyllyk altyn täç Türkiýä yzyna getirilýär

Kurtulmuş Türkiýeden bikanun ýagdaýda daşary ýurtlara alnyp gidilen eserler hakynda maglumat berdi

875241
Müňlerçe ýyllyk altyn täç Türkiýä yzyna getirilýär

 

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş bikanun ýagdaýda daşary ýurtlara alnyp gidilen we Şotlandiýada tapylan bizin eramyzdan öňki 4-nji asyra degişli altyn täjiň ýakynda Türkiýä yzyna getiriljekdigini aýtdy.

Kurtulmuş Türkiýeden bikanun ýagdaýda daşary ýurtlara alnyp gidilen eserler hakynda maglumat berdi.

Şu ýyl 44 eseriň Türkiýä yzyna getirlendine ünsi çeken Kurtulmuş “Şotlandiýanyň Edinburg şäherinde tapylan latyn täjiň yzyna getirilme hakyndaky işler dowam edýär” diýdi.

Ministr Kurtulmuş altyn täjiň Anadolynyň Karýa welaýatyna ýagny günorta günbatar Anadola degişlidiginiň subut edilendigini belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar