Türk dünýäsiniň teatr baýraklary eýelerine gowşuryldy

Gazak ýazyjy Ahmetjan Aşyri “Şarbak” atly eseri bilen birinji orny eýedi

Türk dünýäsiniň teatr baýraklary eýelerine gowşuryldy

 

Türk dünýäsiniň iň abraýly baýraklaryndan biri hökmünde bilinýän we şu ýyl ikinji gezek geçirlen Gorkut Ata teatr eserini ýazmak boýunça halkara bäsleşikde dereje alanlara baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen Ýewraziýa ýazyjylar bileleşigi tarapyndan geçirlen bäsleşikde gazak ýazyjy Ahmetjan Aşyri “Şarbak” atly eseri bilen birinji orny eýedi.

Gazak ýazyja baýragyny Adalat we ösüş partiýasynyň Eskişehir halk deputaty Nabi Awjy gowşurdy.

Türkiýeli ýazyjy Lütfi Şahsuwarogly “Tugrul begiň düýşi” atly eseri bilen ikinji, Azerbaýjanly ýazyjy Perwin Nuraliýewa bolsa “Aşar geçer arasy” atly eseri bilen üçünji orny eýeledi.

 



Degişli Habarlar