Eren: “Biz tarapsyz däl, deňagramly habarçylygyň tarapynda”

TRT-niň Türkiýäniň ýaýlym tejribesini dünýä ýetirmek maksady bilen 5-nji Halkara media tälim maksatnamasynyň (UMEP) çäginde gala nahary berildi

Eren: “Biz tarapsyz däl, deňagramly habarçylygyň tarapynda”

Türkiýe Radio-telewideniýe guramasynyň Baş Müdiri Ibrahim Eren habarçylygyň obýektiw bolup bilmejekdigini, tarapsyz däl, eýsem deňagramly habarçylygyň tarapynda durýandyklaryny aýtdy

TRT-niň Türkiýäniň ýaýlym tejribesini dünýä ýetirmek maksady bilen Antalýada geçirilen 5-nji Halkara media tälim maksatnamasynyň (UMEP) çäginde gala nahary berildi.

Baş Müdir İbrahim Eren 70 ýurtdan 162 media işgäriniň gatnaşmagyndaky gala naharynda sözlän sözünde, UMEP-iň Türkiýäniň ýaýlym tejribesini dünýä bilen alyşmagy nazarda tutýandygyny aýtdy.

Eren UMEP-iň çäginde teleýaýlym, habar, radio we täze media ugurlarynda mejlisleriň geçirilendigini nygtady.

Teleýaýlym pudagynda türk seriallarynyň soňky 15 ýylda uly üstünlik gazanandygyna ünsi çeken Eren, 100-den gowrak türk seriallarynyň eksport edilendigini aýtdy.

TRT-de ýaýlyma berilýäň “Diriliş Ertugrul” atly serialyň Türkiýäniň ýaýlym taryhyndaky iň uly reýting derejesinden birine eýe bolandygyna ünsi çeken Eren; “Diriliş” 100-den gowrak ýurda eksport edilýär. Dünýäde daşary ýurtdan produksiýa alýan ýurtlaryň ulanýan produksiýalarynyň 30 göterimi türk seriallaryndan ybarat. Ol iňňän möhüm relaklama. Türk seriallary näme sebäpden şeýle başarnykly? Türkiýe ilki bilen köp medeniýetli ýurt. Türkiýe köp medeniýetliligi özleşdiren, onuň hötdesinden gelen we oňa buýsanýan ýurt. Sosial gurluş taýdan maşgala uly ähmiýet berýän medeniýetimiz bar. Ol hem seriallarymyzda beýan tapýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar