Guş dili ÝUNESKO-nyň medeni miras sanawyna alyndy

Türkiýäniň milli baýlyklaryndan ýene-de biri  dünýäniň konkret däl medeni mirasy hökmünde bellige alyndy

Guş dili ÝUNESKO-nyň medeni miras sanawyna alyndy

 

Türkiýäniň Garadeňiz welaýatynda ulanylýan guş dili BMG-nyň Bilim, Ylym we medeniýet guramasy ÝUNESKO-nyň medeni miras sanawyna alyndy.

Türkiýäniň milli baýlyklaryndan ýene-de biri  dünýäniň konkret däl medeni mirasy hökmünde bellige alyndy.

Gündogar Garadeňiz welaýatynyň çuň jülgeleriniň arasynda ýaňlanýan we sebitiň ýaşaýjylarynyň biri-biri bilen düşnüşmeginde esasy rol oýnaýan, il arasynda “guş dili” hökmünde bilinýän ýüzlerçe ýyllyk “sykylyk sesi” ÝUNESKO-nyň medeni miras sanawyna alyndy.

Döwrümizdäki dewrebap tehnalogiýalar sebäpli ýitmegiň bäri ýanyna çenli gelen aragatnaşyk ulgamy, ÝUNESKO-nyň Günorta Koreýada geçirlen maslahatyna sanawa degişli edildi.

Sykylyk diliniň sanawa alynmagy üçin 2016-njy ýylda ýüz tutulypdy.


Etiketkalar: sykylyk , guş dili , medeni miras

Degişli Habarlar