Kastamonu 2018-nji ýylda Türk dünýäsine medeni paýtagtlyk eder

TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň 35-nji maslahaty Gazagystanyň Türkistan şäherinde geçirildi

Kastamonu 2018-nji ýylda Türk dünýäsine medeni paýtagtlyk eder

Kastamonu Halkara türk medeniýet guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan  2018-nji ýylda Türk dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edildi.

Gazagystanyň Türkistan şäherinde geçirlen TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň 35-nji maslahatynda Türkiýäniň Kastamonu şäheriniň Türk dünýäsiniň medeni paýtagtlygyna dalaşgärligi TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň Medeniýet ministrligi tarapyndan goldandy

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Hüseýin Ýaýman maslahatda eden çykyşynda “Türk dünýäsiniň medeni paýtagty maksatnamasynyň çäginde 2013-nji ýylda Eskişehitde geçirlen türk halklarynyň medeniýet şüweleňlerinden ýene-de birini geçirmek isleýäris. Şol maksada laýyklykda 2018-nji ýylda deňsiz taýsyz Kastamonu şäherimiziň Türk dünýäsiniň medeni paýtagtlygyna saýlanmagyna hoşallyk bildirýäris”diýdi.

Ýaýman 2018-nji ýylda şol bir wagtda TÜRKSOÝ-yň döredilen gününiň 25 ýyllygynyň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi.

375 million ilatly Kastamonu şäheri taryhy we medeni ýerleri we tebigaty bilen ünsleri özüne çekýär.

65 göterimi tokaý bilen gurşalan şäher şol bir wagtda dürli ýabany haýwanlara ýer eýeçiligini edýär.

170 kilometrlik kenary bilen Garadeňiziň iň uzyn kenarýaka zolagyna eýe bolan Kastamonu dünýäniň iň uly kanýonlaryndan biri bolan Walla kanýony, dünýäniň iň uly gowaklaryndan biri bolan Ilgarini gowagy, Gideros aýlagy we şaglawuklary bilen hem ýakyndan tanalýar.

 



Degişli Habarlar