Assiriýaly täjirleriň ýazanlary bilen Anadolyda täze taryhy şäherler tapyldy

Merkezi ofisi ABŞ-de ýerleşýän Milli ykdysady derňew merkezi Kaýseride tapylan taryhy galyndylar bilen bagly ylmy iş paýlaşdy

Assiriýaly täjirleriň ýazanlary bilen Anadolyda täze taryhy şäherler tapyldy

Kaýseriniň golaýynda geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bürünç asyryna degişli 12 müň sany ýazgy tapyldy.

Arheologlar we hünärmenler şol ýazgylaryň kömegi bilen müňlerçe ýyl ozal Anadolyda gurulan taryhy şäherleriň salgysyny tapdy.

Alymlar 4 müň ýyl ozal häzirki Yragyň territoriýasyndan gaýdan assiriýaly täjirleriň Anadola ýerleşmäge başlandygyny we sebitde söwda edendiklerini bellediler. 

Merkezi ofisi ABŞ-de ýerleşýän Milli ykdysady derňew merkezi tarapyndan çap edilen ylmy işde täjirleriň söwdalary, bergileri we söwda şertnamalary ýazylan ýazgylarynda ozal alymlara mälim bolmadyk taryhy şäherleriň nirede bolup biljekdigi barada maglumatlaryň bardygy nygtalýar.


Etiketkalar: täjir , söwda , şäher , Kaýseri

Degişli Habarlar