ABŞ 2011-nji ýyldan bäri ÝUNESKO agzalyk tölegini tölemeýär

ABŞ-nyň kararyna sarpa goýýandyklaryny aýdan Azoulaý “ABŞ ÝUNESKO-nyň başlangyjy we soňy däldir” diýdi

847331
ABŞ 2011-nji ýyldan bäri ÝUNESKO agzalyk tölegini tölemeýär

BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň täze Baş sekretary Audrey Azoulaý ABŞ-nyň 2011-nji ýyldan bäri agzalyk tölegini tölemeýändigini aýtdy.

Azoulaý Frans İnter radio kanalyna beren beýanatynda ABŞ-nyň ÝUNESKO-dan çekilmek karary hakynda maglumat berdi.

ABŞ-nyň kararyna sarpa goýýandyklaryny aýdan Azoulaý “ABŞ ÝUNESKO-nyň başlangyjy we soňy däldir” diýdi.

ÝUNESKO-nyň ABŞ-nyň goldawy bolmazdan hem öz işine dowam edýändigini nygtan Azoulaý, ABŞ-nyň 2011-nji ýyldan bäri agzalyk tölegini tölemeýändigini ýatlatdy.


Etiketkalar: #agzalyk , #töleg , #ABŞ , #karar , #ÝUNESKO , #BMG

Degişli Habarlar