Saud Arabystanynda ilkinji gezek zenanlar üçin basketbol turniri geçirildi

Turniriň girdejisiniň göwüs ragyna garşy göreşde ulanylmagy göz öňünde tutulýar

Saud Arabystanynda ilkinji gezek zenanlar üçin basketbol turniri geçirildi

Saud Arabystanynda ilkinji gezek zenanlar üçin basketbol turniri geçirildi.

Jidde şäherindäki Şa Abdullah stadionynda geçirlen turnire diňe zenanlar tomaşa etdi.

Saud Arabystanynyň Şura geňeşiniň agzasy Al Maena turniriň zenanlaryň geljekde spordyň beýleki ugurlaryna höweslendirilmegi üçin geçirlendigini nygtady.

Al Maena “Bäsleşik zenanlaryň spora uly isleg bildirýändigini görkezdi. Şuňa meňzeş bäsleşikler geljekde zenanlaryň sport bilen ýakyndan gyzyklanmagyna itergi berer” diýdi.

Turniriň girdejisiniň göwüs ragyna garşy göreşde ulanylmagy göz öňünde tutulýar.

 

 

 


Etiketkalar: turnir , basketbol , zenan

Degişli Habarlar