Newşehirde Gadymy bürünç döwrüne degişli ýaşaýyş ýerleri tapyldy

Etrapçada giň gerimli gazuw agtaryş işleriniň bolsa 2018-nji ýylyň maý aýynda başlamagy meýilleşdirilýär

Newşehirde Gadymy bürünç döwrüne degişli ýaşaýyş ýerleri tapyldy

Newşehirde biziň eramyzdan öňki 3-nji we 2-nji asyryň arasynda Gadymy bürünç döwrüne degişli ýaşaýyş ýerleri tapyldy.

Şäher merkezinden 20 kilometr alysda ýerleşýän Çakyltepe etrapçasyndaky depejigiň ünsleri özüne çekmegi sebäpli gazuw agtaryş işleri başladyldy.

Gazuw-agtaryş topary ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýan Kapadokýanyň taryhy taýdan esasy orun eýeleýän öý goşlaryny tapdy we medeni gymmatlyklary gorag astyna aldy.

Etrapçada giň gerimli gazuw agtaryş işleriniň bolsa 2018-nji ýylyň maý aýynda başlamagy meýilleşdirilýär.

 



Degişli Habarlar