Luwr muzeýi Abu Dabide hem açyldy

Fransiýanyň paýtagty Parižde ýerleşýän meşhur Luwr muzeýi BAE-niň paýtagty Abu Dabide hem açyldy

844508
Luwr muzeýi Abu Dabide hem açyldy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň gatnaşmagynda açylan ýene-de bir täze Luwr muzeýinde Pariždäkiden has köp eser sergilener.

Araplar Fransiýa muzeýiň ady üçin 525 million dollar, alynan eserleriň howpsyzlygy üçin bolsa 750 million dollar tölär.

Makron gurluşygy 2007-nji ýylda başlanan we bellenen möhletden 5 ýyl soň gurulyp tamamlanan muzeýi Gözelligiň ybadathanasy hökmünde häsýetlendirip: “Biz üçin medeniýeti, bilimi we gözelligi goldamakdan has gyssagly bir zat ýok” diýdi.



Degişli Habarlar