TRT 7 baýraga mynasyp boldy

Halkara Radioçylar bileleşiginiň “9-njy Alkyşa mynasyp bolanlar” baýraklary eýelerine gowşuryldy

TRT 7 baýraga mynasyp boldy

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT 7 baýraga mynasyp boldy.

Anna agşamlary TRT-1 kanalynda ýaýlyma berilýan “Paýitaht Abdulhamit” serialy “ýylyň serialy” hökmünde saýlandy.

Ýylyň iň gowy Radio baýragyny “TRT Türk” aldy.

TRT-niň diktorlaryndan Zafer Kiraz ýylyň iň gowy erkek diktory, Sermin Baýsal Ata bolsa ýylyň iň gowy zenan diktory baýragyny aldy.

TRT-1-de ýaýlyma berilýän “Iýilik kluby ýagny ýagşylyk kluby ” gepleşigi ýylyň iň gowy gepleşigi hökmünde saýlandy.

TRT Haber kanalynda ýaýlyma berilýän “Anadoly soraýar” gepleşigi ýylyň iň gowy syýasat gepleşigi “Ýa bolmadyk bolsady” gepleşigi hem ýylyň iň gowy habar gepleşigi hökmünde saýlandy.

 


Etiketkalar: anna , gepleşik , klub , baýrak , TRT

Degişli Habarlar