Daun sindorymly ýüzüji Muhammed Tugrul Şahin Parižde uly rekord goýdy

Ýewropa birinjisi bolan Muhammed Tugrul ozal hem halkara derejesinde geçirlen ýüzme bäsleşiklerinde uly üstünlikler gazandy

Daun sindorymly ýüzüji Muhammed Tugrul Şahin Parižde uly rekord goýdy

Türkiýäniň Denizli welaýatynda ýaşaýan daun sindorymly ýüzüji Muhammed Tugrul Şahiniň Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirlen DSISO Ýewropa açyk ýüzme çempionadynda 200 metrde 4 minut 21 sekuntlyk derejesi bilen uly rekord goýdy.

Ýewropa birinjisi bolan Muhammed Tugrul ozal hem halkara derejesinde geçirlen ýüzme bäsleşiklerinde uly üstünlikler gazandy.

Ýol heläkçiliginde kakasyny we uýasyny ýitiren Muhammed Turgul Şahin ejesi Hatije Şahiniň goldaw bermeginde ýüzmäge başlaýar.

2013-nji ýylda Portugaliýada, 2016-njy ýylda İtaliýada geçirlen Daun sindromlylar Ýewropa ýüzme çempionadynda altyn, kümüş we bürünç medal gazanan Muhammed, bu gezek Paržde uly rekord goýdy.

 



Degişli Habarlar