Dünýä türk seriallaryna haýran

Iň köp tomaşa edilýän seriallaryň biri TRT 1 kanalynda ýaýlyma berilýän Direliş Ärtogrul serialydyr

Dünýä türk seriallaryna haýran

Pakistan şu seriala iň köp tomaşa edýän ýurtlaryň biridir.

Serialyň ähli bölümleri urdu dilinde seslendirilip, Pakistanyň kanallarynda we internetde görkezilýär. 

Hindistanyň seriallaryna örän köp tomaşa edýän Pakistanda hindi seriallaryň ýerini indi türk seriallary aldy.

Owganystanda hem Direliş Ärtogrul serialy ýaşlar tarapyndan iň halanýan serialdyr. 

Ýurtda diňe öýlerde däl, eýsem söwdegärler hem öz dükanlarynda ünsüni serialdan aýyryp bilenoklar. 

Demirgazyk Afrika ýurdy bolan Tunisde hem seriala uly gyzyklanma bildirilýär. 

Direliş Ärtogrul serialy Arap dünýäsinde bir fenomen. 

Serialyň arap diline terjime edilen bölümleri internetde häzirki wagta çenli takmynan 200 million gezek tomaşa edildi.

Seriala tomaşa edýän ýaşlar türk medeniýetini we taryhyny örän gowy edip öwrenýändiklerini belleýärler. 

Doganlyk ýurt Azerbaýjanda hem Direliş Ärtogrul serialyna örän köp tomaşa edilýär. 

 



Degişli Habarlar