Russiýanyň Oskara dalaşgär filmi belli boldy

"Nelýubow" filmi 35-nji Mýunhen film festiwalynda hem ARRI/Osram CineMasters sylagyna laýyk görülipdi

Russiýanyň Oskara dalaşgär filmi belli boldy

Russiýanyň Oskar komitedi ozal Kanny kino film festiwalynda emin agzalaryň ýörite sylagyna laýyk görülen Andreý Zwýagnitsewiň "Nelýubow" filmini Daşary ýurt dilinde iň gowy film bölüminde dalaşgär görkezdi.

Andreý Zwýagnitsewiň "Nelýubow" filmi Russiýanyň Oskar topary tarapyndan Daşary ýurt dilinde iň gowy film kategoriýasyna dalaşgär hökmünde hödürledi.

Russiýanyň metbugatyna beýanat beren filmiň prodýusseri Aleksandr Rodnýanskiý filme berilen sylaglaryň komitediň beren kararynda täsirli bolandygyny belläp: "Ol iň gowy rus filmi däl, emma Oskary almak mümkinçiligi ýokary bolan film" diýdi.

"Nelýubow" filmi 35-nji Mýunhen film festiwalynda hem ARRI/Osram CineMasters sylagyna laýyk görülipdi.

 


Etiketkalar: festiwal , emin , Oskar , film

Degişli Habarlar