5-nji Aziýa Oýunlarynda Türkmenistanyň Liderligi Dowam Edýär

Olimpiýa oýunlarynda üç gün yzda galdy

810895
5-nji Aziýa Oýunlarynda Türkmenistanyň Liderligi Dowam Edýär

5-nji Aziýa Olimpiýa oýunlarynda milli göreş we žiu žitsu boýunça bäsleşikler tamamlandy.

Guşakly göreşde bolsa bäsleşikleriň ýarysy tamamlandy we medallar eýelerine gowşuryldy

3 günden bäri dowam edýän olimpiýa oýunlarynda türkmen türgenleriniň 43 altyn medal bilen liderligi dowam edýär. türkmenistan jemi 96 medal bilen birinji ýeri eýeleýär.

Jemi medal sanynda Özbegistan 43 medal bilen 2-nji orny eýeleýän bolsa, altyn medalda 7 altyn bilen Eýran, 6 altyn medal bilen Gazagystan 2-nji we 3-nji ýeri eýeleýärler.

5-nji Aziýa oýunlaryna Aziýanyň olimpiýa komitetiniň baýdagy bilen gatnaşýan bosgun çagalar bolsa entek medal alyp bilmediler.

Türkmen türgenleriniň alan altyn medallarynyň 23 sanysy milli göreş bäsleşiginden. Türkmenistan şol ugur boýunça erkeklerde 14, zenanlarda 9 altyn medal aldy.

Türkmen türgenleri beýleki altyn medallary bolsa žiu žitsu we guşak göreş kategoriýalarynda aldylar.



Degişli Habarlar