Sarkofag ýasamasynyň ýerine goýular

Gerakl sarkofagy Türkiýä getirileninden soň Antalýa muzeýine gowşurylar we ol ýerde sergilenmäge başlar

Sarkofag ýasamasynyň ýerine goýular

Gadymy Perge şäherinde bikanun ýagdaýda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylyp, takmynan 50 ýyl ozal daşary ýurda alynyp gidilen Gerakl serkofagy Şweýsariýadan Türkiýä 13-nji sentýabrda şu gün getiriler.

Medeniýet we syýahatçylyk ministligi tarapyndan berilen beýanata görä Antalýanyň Aksu etrabyndaky gadymy Perge şäherinde geçirilen bikanun gazuw-agtaryş işlerinde tapylan we daşary ýurda äkidilen Gerakl sakofagy ministrligiň resmileri tarapyndan Ženewada kabul edildi.

Takmynan 50 ýyl soň degişli bolan ýurdyna getiriljek Gerakl sarkofagy Türkiýä getirileninden soň Antalýa muzeýine gowşurylar we ol ýerde sergilenmäge başlar.



Degişli Habarlar