Şu gün Eurobasket 2017 çempionatynyň çärýek final duşuşyklary başlaýar

Ýewropa Basketbol çempionatynyň çärýek final duşuşyklarynyň çäginde şu gün Germaniýa Ispaniýa bilen we Sloweniýa Latwiýa bilen oýnar

Şu gün Eurobasket 2017 çempionatynyň çärýek final duşuşyklary başlaýar

Stambul şäheriniň Sinan Erdem sport merkezinde dowam edýän çempionatda 13-nji sentýabr çarşenbe güni bolsa Gresiýa-Russiýa we Italiýa-Serbiýa çärýek tutluşyklary geçiriler.

Çärýek finalda ýeňiş gazanan ýygyndylar 14-15-nji sentýabr aralygynda geçiriljek ýarym finalda biri-birleri bilen oýnarlar.

Çempionatyň çärýek final duşuşyklary:

12-nji sentýabr:

18:45 Germaniýa-Ispaniýa

21:30 Sloweniýa-Latwiýa

13-nji sentýabr:

18:45 Gresiýa-Russiýa

21:30 Italiýa-Serbiýa



Degişli Habarlar