Muhammed Furkan Dursun dünýä çempiony boldy

85 kilogram agyrlykda Türkiýä wekilçilik eden Muhammed Furkan Dursun rus garşydaşyny 5-3 hasabynda ýeňip altyn medal aldy

Muhammed Furkan Dursun dünýä çempiony boldy

 

Bütin dünýä Ýyldyzlar göreş çempionadynda grek-rim göreşi boýunça 85 kilogram agyrlykda rus garşydaşy Ewloewi 5-3 hasabynda ýeňen Muhammed Furkan Dursun dünýä çempiony boldy.

Gresiýanyň paýtagty Afyny şäherinde geçirilýän bäsleşige gatnaşýan milli göreşçi Muhammed Furkan Dursun rus garşydaşy Ewloew bilen altyn medal almak üçin bäsleşdi.

85 kilogram agyrlykda Türkiýä wekilçilik eden Muhammed Furkan Dursun rus garşydaşyny 5-3 hasabynda ýeňip altyn medal aldy.

Prezdent R. T. Erdogan Bütin dünýä Ýyldyzlar göreş çempionadonda grek-rim göreşi boýunça 85 kilogram agyrlykda rus garşydaşyny ýeňip altyn medal alan Muhammed Furkan Dursuny gazanan üstünligi bilen gutlady.

Prezident Erdogan gutlag telegrammasyna milli göreşçä mundan soňky bäsleşiklerinde hem rowaçlyk arzuw etdi.

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym hem Muhammed Furkan Dursuny dünýä çempionlygy bilen gutlady.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar