Türkiýäniň Milli ýygyndy basketbol komandasy Belgiýany 78-65 hasabynda ýeňdi

Türkiýäniň Milli ýygyndy basketbol komandasy penşenbe güni Latwiýa bilen bäsleşer

Türkiýäniň Milli ýygyndy basketbol komandasy Belgiýany 78-65 hasabynda ýeňdi

 

Türkiýäniň Milli ýygyndy basketbol komandasy 2017 Ýewropa Basketbol Çempionadynyň D toparyndaky 4-nji bäsleşiginde Belgiýany 78-65 hasabynda ýeňdi.

Toparyndaky 4-nji bäsleşiginde 2-nji gezek üstünlik gazanan Türkiýäniň Milli ýygyndy basketbol komandasy şeýlelikde  Russiýa, Serbiýa we Latwiýa bilen birlikde soňky 16 turnire gatnaşmaga hukuk gazandy.

Türkiýäniň Milli ýygyndy basketbol komandasy toparyndaky soňky bäsleşiginde 7-nji sentýabrda penşenbe güni Latwiýa bilen bäsleşer.

 



Degişli Habarlar