Nemrut dagy syýahatçylaryň ünsüni özüne çekmäge dowam edýär

Nemrut dagyna Gurban baýramynyň dowamynda 20 müň adam gelip gördi

Nemrut dagy syýahatçylaryň ünsüni özüne çekmäge dowam edýär

Nemrut dagy ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekmäge dowam edýär.

BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň Dünýäniň Medeni miras sanawynda ýer alýan Nemrut dagyna Gurban baýramynyň dowamynda 20 müň adam gelip gördi.

Milli seýilgäh hökmünde gorag astyna alynan 2 müň 159 metr belentlikdäki Nemrut dagynda günüň doguşyna we batyşyna syn etmek bolýar.

Nemrut dagyna Germaniýa, ABŞ, Ysraýyl, Ermenistan we Ýaponiýa ýaly ýurtlardan we Türkiýäniň çar tarapyndan her gün azyndan 2 müň syýahatçy geldi.


Etiketkalar: Nemrut dagy , syýahatçylar , dag

Degişli Habarlar