Türk türgeni Ýasemin Adar dünýä çempiony boldy

Adar Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilýän çempionatda Belarusly Wasilisa Marzaliuk bilen bäsleşdi

795687
Türk türgeni Ýasemin Adar dünýä çempiony boldy

Bütindünýä göreş çempionadynda zenanlaryň arasynda 75 kilogram agyrlykda bäsleşýän türk türgeni Ýasemin Adar dünýä çempiony boldy.

Adar Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilýän çempionatda Belarusly Wasilisa Marzaliuk bilen bäsleşdi.

Ýasemin Adar bäsdeşini 5-4 hasabynda ýeňip Türkiýäniň zenanlardaky ilkinji dünýä çempiony boldy.

Baýrak gowşurylyş dabarasynda Ýasemin Adara altyn medalyň gowşurylmagyndan soň münbere elinde al-ýaşyl güller we ýüzük bilen çykan Erdem Ýigit, Ýasemin Adara durmuş gurmagy teklip etdi.

Teklibi kabul eden milli göreşçi ýüzügi barmagyna dakdy.

Prezident R. T. Erdogan telegramma arkalyÝasemin Adary gazanan üstünligi bilen gutlady.

Ýaşlar we sport ministri Osman Aşkyn Bak hem milli göreşçi Ýasemin Adara telefon edip üstünligi bilen gutlady.



Degişli Habarlar