Iňlisleriň ata-babalary kannibaldygy ýüze çykdy

Britaniýanyň Somerest sebitinde tapylan süňkler 15 müň ozal ýaşap geçen adamlaryň kaniballyk rituallaryny geçirendigini orta goýdy

Iňlisleriň ata-babalary kannibaldygy ýüze çykdy

Iňlis mediasynyň berýän habaryna görä ýurdyň günorta-günbataryndaky Çeddar Jorj jülgesindäki Gough gowagynda tapylan süňklerde geçirilen ylmy-derňewlerde olaryň 14700 ýyl ozal adamlar tarapyndan gemirilendigini we etleriniň keslip süňklerden ýonulandygyny orta goýdy.

1980-nji ýyllarda tapylan we 3 ýaşyndaky çaga, 2 ýetginjege we azyndan 2 uly adama degişlidigi kesgitlenen süňkleriň ýüzüne çyzylan çyzgylaryň bilip edilendigi, onuň simwoliki manysynyň we kannibal ritualynyň möhüm bir bölegidigi ýüze çykdy.

PLOS One žurnalynda çap edilen suratlar paleolit döwründäki kanniballygyň ilkinji hakyky subududygy mälim edildi.

 



Degişli Habarlar