Halkara Trabzon Film festiwaly başlady

Festiwalyň açylmagynda soň “Dangal” atly hindi filmi görkezildi

Halkara Trabzon Film festiwaly başlady

Trabzon welaýat gubernatorylygynyň goldaw bermeginde, Stambulyň Trabzon federasiýasy we Anadoly Bilim, medeniýet we ylym jemgyýeti bilen bilelikde guralan “Halkara Trabzon Fil Festiwaly” (TUFFEST) başlady.

Şu ýyl ilkinji gezek geçirilýän “Sport we ýaşlar” temasy işlenýän festiwalyň çäginde Atatürk meýdanynda Zagnoz jülgesine çenli ýöriş guraldy. Taryhy harby orkestriň gatnaşmagynda türk kino artistlerinin gatnaşmagyndaky ýörişe raýatlar uly gyzyklanma görkezdi.

Zagnos jülgesinde geçirilýän festiwalda floklor topary we Trabzonyň şäher häkimliginiň Harby orkestri çykyş etdi.

Çykyşlardan soň Zagnos jülgesinde açyk meýdanda çekilen tutyda hindistanly režisýor Aamir Kanyň “Dangal” atly filmi görkezildi.



Degişli Habarlar