Halkara Futbol federasiýasy FIFA dünýä sanawyny çap etdi

Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy Halkara Futbol federasiýasy FIFA-nyň dünýä sanawynda 33-nji orunda

Halkara Futbol federasiýasy FIFA dünýä sanawyny çap etdi

FIFA-nyň internet saýtynda beýan edilen awgust aýynyň dünýä sanawyna görä Türkiýäniň ýygyndysy geçen aý bolşy ýaly 33-nji ornundaky ýerinde galdy.

Braziliýa geçen aý Germaniýa beren 1-nji ornuny ýaňadandan yzyna aldy.

Polşanyň futbol ýygyndysy bolsa taryhynyň iň ýokary derejesi bolan 5-nji oruna geçdi.

Namibiýanyň ýygyndysy 20 basgançak ýokaryk galyp, sanawyň 136-njy ornuna geçdi. Namibiýa bu aý iň ýokarlan ýygyndy boldy.

FIFA-nyň indiki dünýä sanawy 14-nji sentýabrda çap ediler.



Degişli Habarlar