Eýran Wan şäherinde ýerleşýän buthana  degişli 7 asyrlyk jaňy yzyna berer

Eýranyň medeni miras, el hünärleri we syýahatçylyk edarasy Urmiýe muzeýindäki 7 asyrlyk jaňy Türkiýä yzyna berer

Eýran Wan şäherinde ýerleşýän buthana  degişli 7 asyrlyk jaňy yzyna berer

Eýranyň medeni miras, el hünärleri we syýahatçylyk edarasynyň başlygynyň orunbasary Mirhadi Kareseýýed Romani “Eýrandaky ähli taryhy ýadigärlikleriň we eserleriň degişli ýurtlaryna yzyna berilmegi syýasatyny alyp barmaga başladyk” diýdi.

Romani şol syýasatlarynyň Eýranyň parahatçylyk we dostluk medeniýetine esaslanýandygyny belledi.

1377-nji ýylyň 7-nji iýulynda Wandaky Keramatly Bibi Merýem buthanasyna berlen jaň, söweş ýyllarynda Eýrana alnyp gidilipdir we häzir Urmiýe muzeýinde sergilenýär.

 


Etiketkalar: muzeý , buthana , Wan , jaň , eser , miras , Eýran

Degişli Habarlar