“15-nji iýul Milli ygtyýaryň çar paýa galyşy” atly foto surat sergisi açyldy

81 welaýatda foto surat sergileri açylýar

“15-nji iýul Milli ygtyýaryň çar paýa galyşy” atly foto surat sergisi açyldy

Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň agdarlyşyk synanşygynyň yza serpikdirilmeginiň birinji ýyly mynasibetli ýurduň çar tarapynda dürli çäreler geçirilýär.

Şol çäkde Anadoly habarlar gullugy welaýat we şäher häkimlikleri, söwda birleşmeleri we käbir jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlykda 81 welaýatda foto surat sergilerini açýar.

Anadoly habarlar gullugynyň habarçylarynyň FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda we şondan soň çeken foto suratlaryndan ybarat “15-nji iýul Milli ygtyýaryň çar paýa galyşy” atly foto surat sergisi açyldy.

15-nji iýui gijesi Anadoly habarlar gullugynyň habarçylary we operatorlary şol garaňky gije oduň aşagynda FETÖ-niň dönüklügini ýazga geçirdi.

FETÖ-niň agdarlyşyk synanşygy hakynda 3 dilde ýörite kytap neşir edildi.

15-nji iýuldan bäri Türkiýede we dünýäniň çar tarapynda Anadoly habarlar gullugynyň foto suratlaryndan ybarat 400-den foto surat sergisi açyldy.



Degişli Habarlar