Kofeniň adamyň saglygyna nähili täsiri bar?

Her gün 3 stakan kofe içmegiň has uzak ýaşamaga sebäp boljakdygy mälim edildi

Kofeniň adamyň saglygyna nähili täsiri bar?

Ýewropanyň 10 ýurdynda takmynan 500 müň adamyň gatnaşmagynda geçirilen sowalnamanyň netijeleri “Annals of Internal Medicine” žurnalynda çap edildi.

Imperial College of London uniwersitediniň Rak keseli ylmy-derňew toparynyň agzalary köp kofe içýän adamlaryň ölüm riskiniň beýleki içmeýän adamlara garanyňda azdygyny, esasan hem infarkt we aşgazan keselleriniň has az gabat gelinýändigini habar berdiler.

Käbir hünärmenler bolsa ömri uzadýanyň diňe kofedigini aýtmagyň mümkin däldigini, kofe içen adamlaryň sagdyn ýaşaýyşa eýe bolmaklarynyň hem möhümdigini belleýärler.

Kembridž uniwersitedinden Prof. Dr. Dewid Spiegelhalter ölüm derejesi bilen kofeniň gönüden-göni arabaglanşykly bolýandygy pikir edilse her gün artykmaç 1 stakan kofe içmegiň bir erkegiň ömrüni takmynan 3 aý, bir zenanyň bolsa ömrüni 1 aý uzadyp biljekdigini belleýär.

Beýleki tarapdan bolsa ylmy-derňew işgärler köp kofe içmegiň zenanlaryň ýumurtgalyklarynda rak keseliniň döremegine sebäp bolup bilýändigini nygtaýarlar.

Britaniýanyň Milli Saglygy goraýyş hyzmaty hamyla zenanlaryň her gün 200 mg löp kofe içmeli däldigini duýdurýar.



Degişli Habarlar