Nur Tatar Askariden soň Zeliha Agrys hem altyn medal aldy

Zeliha  finalda bolsa geçen ýyl Ýewropa çempionadynda ýeňilen rus bäsdeşi Tatiana Kudashowany 11-8 hasabynda ýeňip ilkinji gezek Dünýä çempiony boldy.

Nur Tatar Askariden soň Zeliha Agrys hem altyn medal aldy

Günorta Koreýanyň Mužu şäherinde geçirilýän Bütin dünýä tekwando çempionadynda Nur TatarAskariden soň Zeliha Agrys hem altyn medal aldy.

Ilkinji gezek Dünýä çempionadyna gatnaşýan 19 ýaşyndaky Zeliha Agrys 53 kilogram agyrlykda ýarym finalda özbek bäsdeşi Dinorahon Mamadibragimowa bilen bäsleşdi.

Ýewropa çempionadynda 3-nji orny eýelýän milli taekwandoçy bäsdeşini 11-7 hasabynda ýeňip final bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy.

Zeliha  finalda bolsa geçen ýyl Ýewropa çempionadynda ýeňilen rus bäsdeşi Tatiana Kudashowany 11-8 hasabynda ýeňip ilkinji gezek Dünýä çempiony boldy.

 



Degişli Habarlar