Türkiýe bilen Hindistan bilelikde film taýarlar

Prezident R. T. Erdogan bilen aýaly Emine Erdogan Stambulda Tarabýa köşgünde sungat ussatlary we türgenler bilen agzaçarda duşuşdy

Türkiýe bilen Hindistan bilelikde film taýarlar

Prezident Erdogan agzaçarda sözlän sözünde türk seriallarynyň soňky döwürde halkara derejesinde gazanan üstünlikleri hakynda durup geçdi.

Hindistanda türk seriallaryna uly höwes bilen tomaşa edilýändigini gürrüň beren Erdogan “Hindistana guran saparymyň çäginde türk seriallaryna we filmlerine uly höwes bilen tomaşa edilýändigini eşitmek meni gaty buýsandyrdy. Hindistan bilen Türkiýäniň bilelikde film taýarlamagy babatynda ylalaşyk gazandyk” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar