Milli ýygyndy futbol komandasy Kosowany 4-1 hasabynda ýeňdi

Türkiýe şeýlelikde 11 bal bilen toparynda üçünji orny eýelemegiň hötdesinden geldi

Milli ýygyndy futbol komandasy  Kosowany 4-1 hasabynda ýeňdi

Milli ýygyndy futbol komandasy 2018 FIFA Dünýä kubogynyň Ýewropa seçip alyş bäsleşiklerinde I toparynda Kosowany 4-1 hasabynda ýeňdi.

Milli ýygyndy futbol komandasy bäsleşigiň 6-njy minudynda Wolkan Şeniň, 31-nji minudynda Jengiz Ünderiň, 61-nji minudynda Burak Ýylmazyň we 82-nji minudynda Ozan Tufanyň gollary bilen bäsdeşini 4-1 hasabynda ýeňdi.

Türkiýe şeýlelikde 11 bal bilen toparynda üçünji orny eýelemegiň hötdesinden geldi.

 I toparynda 13 bal bilen Horwatiýa birinji, şol bal bilen I slandiýa bolsa ikinji orny eýeleýär.

 

 



Degişli Habarlar