Iňlis milýarder Joe Lewis dynç almak üçin Marmarise geldi

Lewisiň 150 million dollarlyk “Awiwa” atly ýahtasy ilki Hisarönü aýlagyndaky Kisebükü kiçi aýlagyna geldi

Iňlis milýarder Joe Lewis dynç almak üçin Marmarise geldi

 

Britaniýanyň iň baý 5-nji adamy Joe Lewis dynç almak üçin Mugla welaýatynyň Marmaris etrabyna geldi.

77 ýaşyndaky milýarder Lewis gyzy Wiwienne Lewis we agtyklary bilen birlikde düýn Marmaris adasyna geldi.

Lewisiň 150 million dollarlyk “Awiwa” atly ýahtasy ilki Hisarönü aýlagyndaky Kisebükü kiçi aýlagyna geldi.

Lewisiň gyzy we agtyklary bilen Göjek we Rodos aýlaglaryna hem barmagyna garaşylýar.

 


Etiketkalar: dynç almak , ýahta , milýarder

Degişli Habarlar