Dokumental film baýraklary eýelerine gowşuryldy

Türkiýäniň Radio telewideniýe guramasy TRT-niň 9-njy Dokumental film baýraklary eýelerine gowşuryldy

Dokumental film baýraklary eýelerine gowşuryldy

Jemal Reşit Reý konsert zalynda geçirlen baýrak gowşurylyş dabarasyna Wise-premýer Numan Kurtulmuş hem gatnaşdy.

Kino-režisýorlaryň durmuşyň hakykatlaryny hakyky aktýorlaryň üsti bilen beýan edendiklerini aýdan Kurtulmuş, “Dokumental film bäsleşiginiň bu ýylky temasy “Göç we ekstremizm” hökmünde saýlanyp alyndy. Şol filmler durmuşyň hakykatlaryny türk we dünýä halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilmegine pursat döretdi” diýdi.

Wise-premýer Kurtulmuş dokumental film bäsleşiginiň guramaçylaryna we TRT-ä öz minnetdarlygyny bildirdi.

Kurtulmuş “Şol dokumental filmler arkaly hem milli hem-de halkara derejesinde iş alyp barýan kino režisýorlar we sungat ussatlary bir ýere jemlenişdi. Esasan hem Türkiýede okaýan ýaş talantly talyplarymyz dokumental film bäsleşigine uly höwes bildirdiler” diýdi.

Halkara kategoriýada  emin agzalary Hojaguly Narliýew, Florain Thalhofer, Semih Kaplanogly, Paskal Bensoussan, Sergi Dolade we Reem Bader derejä giren filmleri kesgitledi.

Dabarada Halkara kategoriýada Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň baýragyny “Siriýada dogrular” filmi bilen Hernan Zin, Üçünjülik baýragyny “Hytaýyň Wan Goglary” filmi bilen Haibo Ýu we Kiki Tiangi Ýun aldy.

Milli hünärmen kategoriýasynda “İň gowy film baýragyny “Ýüzleşme” filmi bilen Nežla Demirji, Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň baýragyny “Düýşümde oýanmak” filmi  bilen Münir Alper Dogan, Üçünjülik baýragyny “Ýaş pälwanlar” filmi bilen Mete Gümürhan aldy.

Milli talyp filmleri kategoriýasynda bolsa “İň gowy film baýragyny “Gyzyl” filmi bilen Abdurahman Demir laýyk görüldi.



Degişli Habarlar