Ýuwentus we Monako Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdylar

Liganyň ýarym finalynda oýnajak toparlar belli boldy

716872
Ýuwentus we Monako Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdylar

Düýn UEFA Çempionlar ligasynyň çärýek final oýunlarynyň çäginde Ispaniýanyň Barselona topary Italiýanyň Ýuwentus topary bilen oýnady.
Barselona ähli eden hüjümlerine garamazdan Ýuwentusyň goragçylaryny geçip bilmedi.

Şeýlelik bilen Barselonany 3-0 hasaby bilen ýeňen Ýuwentus Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda oýnamaga hukuk gazandy.

Düýn agşam şeýle hem Fransiýanyň Monako topary Germaniýanyň Borussiýa Dortmund topary bilen duşuşyk geçirdi.

Duşyşyk Monakonyň 3-1 ýeňişi bilen tamamlandy.

Bu oýunyň netijesi boýunça bolsa Fransiýanyň wekili Monako UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda oýnamaga mümkinçilik gazandy.



Degişli Habarlar