Aprel aýynyň 15-i bilen 22-i aralygy Türkiýede syýahatçylyk hepdeligi hökmünde bellenilip geçilýär

Türkiýe 2023-nji ýyla çenli dünýäniň syýahatçylyk taýdan ösen ilkinji 5 ýurdunyň hatarynda ýer almagy maksat edinýär

712159
Aprel aýynyň 15-i bilen 22-i aralygy Türkiýede syýahatçylyk hepdeligi hökmünde bellenilip geçilýär

Aprel aýynyň 15-i bilen 22-i aralygy Türkiýede syýahatçylyk hepdeligi hökmünde bellenilip geçilýär.

Dünýäde 20-njy asyr bilen birlikde syýahatçylyk pudagy ýaýbaňlanmaga başlaýar. Başga ýurtlaryň raýatlary täze ýerleri görmek, täze medeniýetleri tanamak we ýyllyk dynç alyşlaryny başga ýerlerde geçirmek isleýär.

Döwrümizde medeniýetden deňize we  saglygy goraýyşdan sporda çenli syýahatçylygyň pudagynyň birnäçe görnüşi bar.

Türkiýe tebigaty we medeniýeti ýaly syýahatçylyk pudagynyň birnäçe görnüşi bilen 2023-nji ýyla çenli dünýäniň syýahatçylyk taýdan ösen ilkinji 5 ýurdunyň hatarynda ýer almagy maksat edinýär.

Degişli guramalar, hususy pudagyň wekilleri we syýahatçylyk pudagy taýdan Türkiýäniň meýletin ilçileri bu maksada ýetilmegine goşant goşar.

Türkiýe müňlerçe ýyllyk medeni gymmatlyklary  we tebigy gurluşy bilen dünýäniň çar tarapyndan geljek syýahatçylaryna garaşýar.

 



Degişli Habarlar