Türkiýäniň teleseriýallary dünýäde 2-nji orunda

Soňky 10 ýylda barha ösýän türk teleseriýal senagatyna daşary ýurtlarda uly gyzyklanma bildirilýär

706286
Türkiýäniň teleseriýallary dünýäde 2-nji orunda

ABŞ-nyň variety.com saýtynda çap edilen makalalaryň birinde türk teleseriýallarynyň dünýäde meşhurlygyny goraýandygyny, Türkiýäniň teleseriýallarynyň ABŞ-dan soň dünýäde 2-nji orundadygy habar berilýär.

Makalada esasan hem Günorta Amerika ýurtlarynda köp tomaşa edilýän türk teleseriýallarynyň şol ýurtlarda iň köp görülýän 15 gepleşigiň hataryndadygy bellenýär.

Şol gepleşikleriň 4-siniň türk seriýallardygy aýdylýan makalada Türkiýäniň teleseriýal eksportynyň 350 million dollara ýetendigine ünsler çekilýär.

5 ýyl ozal 50-ä golaý ýurda eksport edilýän türk teleseriýallar şu günki günde 142 ýurda eksport edilýär.

Soňky wagtlarda daşary ýurtda satylýan teleseriýallaryň başynda bolsa Watanym sensiň, Kümüş we durmuş aýdymy seriýallary gelýär.



Degişli Habarlar