Rio olimpiada oýunlary dabaraly ýagdaýda ýapyldy

Türkiýe 1-i altyn, -i kümüş we 4-i bürünç bolmak bilen jemi 8 medal bilen 41-nji orny eýeledi

rio olimpiyat oyunları bitti1.jpg
2016 Rio olimpiada oýunlary dabaraly ýagdaýda ýapyldy
2016 Rio olimpiada oýunlary dabaraly ýagdaýda ýapyldy

2016 Rio olimpiada oýunlary dabaraly ýagdaýda ýapyldy

Braziliýanyň Rio de Žaneiro şäherinde geçirlen 2016 Rio olimpiada oýunlary dabaraly ýagdaýda ýapyldy.

Rio olimpiadalarynyň ýapylyş dabarasy 3 sagat dowam etdi.

87 müň adam üçin niýetlenen Marajana stadionda geçirlen dabarada olimpiada oýunlaryna gatnaşan 207 ýurduň baýdaklary şol ýurduň türgenleri tarapyndan stadiona getirildi.

Türkiýäniň baýdagyny olimpiada oýunlarynda altyn medal alan milli göreşçi Taha Akgül göterdi.

2016 Rio olimpiada oýunlarynda Türkiýe 1-i altyn, -i kümüş we 4-i bürünç bolmak bilen jemi 8 medal bilen 41-nji orny eýeledi.

ABŞ  olimpiada oýunlarynda 46 altyn, 37 kümüş, 38 bürünç jemi 121 medal bilen birinji orny eýeledi.

ABŞ-dan soň 27 altyn, 23 kümüş we 17 bürün medal bilen Beýik Britaniýa ikinji orny eýeledi.

Hytaý bolsa 26 altyn, 18 kümüş we 26 bürünç medal bilen üçünji orny eýeledi.

Ýer eýesi Braziliýa bolsa 7-si altyn, 6-sy kümüş we 6-sy bürünç bolmak bilen jemi 19 medal bilen oýunlary 13-nji ýerde tamamlady.


Etiketkalar: stadion , altyn medal , olimpiada

Degişli Habarlar