Ýasemin Jan altyn medalyň eýesi boldy

Prezident Erdogan milli atletikaçy Ýasemin Jana telefon edip gutlady

Ýasemin Jan altyn medalyň eýesi boldy

 

Gollandiýanyň paýtagty Amsterdamda geçirlen Ýewropa atletika çempionadynda zenanlaryň arasynda 5000 metre ylgamakda türk atletikaçy Ýasemin Jan altyn medal aldy.

Zenanlaryň arasynda 5000 metre ylgamakda türk atletikaçy Ýasemin Jan 15.18.15-lik derejesi bilen bäseşigi birinji ýerde tamamlady.

Bäsleşikde Şwesiýaly atletikaçy Meraf Bahta 15.20.54-lik derejesi bilen ikinji, Britaniýaly Steph Twell bolsa 15.20.70-lik derejesi bilen ününji ýeri eýeledi.

Ýasemin Jan Ýewropa atletika çempionadynyň birinji gününde zenanlaryň arasynda 10 müň metrede hem birinji bolup altyn medal alypdy. Zenanlaryň arasynda 5000 metre ylgamakda hem bäsleşigi birinji bolup tamamlan türk türgen şeýlelikde çempionatda ikinji altyn medalyny aldy.

Türk türgenler çempionadyň 4-nji gününde 4 altyn, 4 kümüş we 1 bürünçmedal almagy başardy.

Prezident R. T. Erdogan Ýewropa atletika çempionadynda altyn medal alan milli atletikaçy Ýasemin Jana telefon edip gutlady.

 


Etiketkalar: altyn medal , atletika

Degişli Habarlar