Serwet Tazegül altyn medal aldy

Serwet Tazegül erkekleriň arasynda 68 kilogram agyrlykda altyn medal alyp Ýewropa çempiony boldy

Serwet Tazegül altyn medal aldy

 

Şweýsariýada geçirlen 22-nji Ýewropa tekwando çempionadynda Türkiýäniň adyndan bäsleşen Serwet Tazegül erkekleriň arasynda 68 kilogram agyrlykda altyn medal alyp Ýewropa çempiony boldy.

Erkekleriň arasynda 68 kilogram agyrlykda bäsleşen dünýä we olimpiada çempiony milli tekwandoçy Serwet Tazegül Britaniýaly we Russiýaly bäsdeşlerini ýeňip ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy.

Ýarym finalda rus türgen Konstantin Minin bilen bäsleşen milli türgen bäsdeşini 15-5 hasabynda ýeňip finala gatnaşdy.

Final bäsleşiginde Yrakda doglan asly türkmen Germaniýaly türgen Hamza Adnan Karim bilen bäsleşen Serwet Tazegül bäsdeşini soňky 10 sekuntda alan 3 baly bilen 6-5 hasabynda ýeňip altyn medalyň eýesi boldy.

Serwet Tazegül 2008, 2010, 2012 we 2014-nji ýyldan soň yzly-yzyna 5-nji gezek Ýewropanyň çempiony boldy.

Türk türgen Zeliha Agrys bolsa zenanlaryň arasynda 53 kilogram agyrlykda bürünç medalyň eýesi boldy.

 

 

 

 


Etiketkalar: altyn medal , tekwando

Degişli Habarlar