Türkiýäniň "kino-film hazynasy" geljege ýetiriler

Türkiýänin Kino-film arhiwi we kino muzeýi Türkiýäniň “film hazynasyny” geljege ýetirmegiň ýany bilen medeni güýç merkezine öwrüler

163398
Türkiýäniň "kino-film hazynasy" geljege ýetiriler

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Kino-film baş müdirligi tarapyndan mundan 2 ýyl ozal Türkiýäniň kino-film mirasyna eýe çykmak üçin başy başlanan taslamanyň paýtagta täze bir öwüşgün çaýmagyna garaşylýar.
Taslama kino-film arhiwi bilen birlikde kino muzeýi, kino kitaphanasy, kino laboratoriýasy, ussahana we sergi zallary, gala zaly, açyk kino-konsert zaly, kafe we sowtgatlyk dükanlar ýaly bölümlerden ybarat bolar.
Ankaranyň Ümitköý etrapçasynda 8 gekdarlyk meýdanda bahar aýlarynda badalga beriljek taslamanyň 2017-nji ýylda ulanylmaga berilmegine garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar